Ýedi yklymyň dilinde Magtymguly Pyragy

21 Iýun 2024
114

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideriniň pedagogik taglymaty esasynda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň dil, edebiýat, bilim, ylym, jemgyýet we dünýä tejribesini öwrenmek baradaky taglymatlary ýokary bilimli, päk ahlakly, belent ruhly hünärmenleri taýýarlamaga uly ýardam edýär. Institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň halk hojalygy üçin döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän ýokary hünärli dilçileri we edebiýatçylary, daşary ýurt dili mugallymlaryny we terjimeçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary akyldar şahyrymyzyň dürdäne paýhaslaryny dünýä dillerinde ýaňlandyrmakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Magtymguly Pyragynyň häzirki wagta çenli daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny özleriniň okuw we kämilleşiş sapaklarynda dowamly peýdalanýarlar. Munuň ýene bir mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçilikleri esasynda akyldar şahyrymyzyň daşary ýurt dillerindäki şygyrlaryny ýörite taýýarlap, web sahypalar, kompýuter hem-de android programmalary arkaly dünýä ýüzüne ýaýýandyklary hem buýsançlydyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna toplan hem-de taýýarlan goşgularynyň birnäçesini «Dünýä edebiýaty» žurnalymyzyň şu sanynda okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýedi yklymyň dilinde ýaňlanýar. 

SOHBET YAHŞİDİR

Beýleki habarlar