Min­net­dar, ha­nym (He­ka­ýa)

21 Iýun 2024
292

Lengston HÝUZ,
amerikan ýazyjysy

Köçeden uzyn boýly, daýanykly aýal agyr ýantorbasyny egninden üstaşyry göterip barýardy. Daşyndan synlasaň ýarylaýjak bolup duran ýantorbada çekiç bilen çüýden başga ähli zat bara meňzeýärdi. Bezemen geýnüwli aýal gije sagat on bir töwerekleri bolanlygyna garamazdan, ýeke özi köçäniň boýuny syryp, maýdalyna barýardy. Birdenkä alagaraňkylykdan okdurylyp çykan oglanjyk aýalyň ýantorbasyny garbap almaga synanyşdy. Oglanjygyň batly zarbasyna ýantorbanyň kemeri üzülip allowarra gitdi, özi bolsa ýantorbanyň hemem öz agramyna tap getiribilmän, ýanýodadan aňyrlygyna tüwdürilip gitdi.

Iň­lis di­lin­den ter­ji­me eden Gül­şöh­le REJEBOWA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by
Beýleki habarlar