Talyp türgenimiziň üstünligi

21 Iýun 2024
56

Ýurdumyzyň sport älemindäki üstünliklerine mynasyp goşant goşup gelýän ýaş dzýudoçy Serdar Rahymow ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyplarynyň biridir. Ol ýakynda Duşenbede geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň dünýä tapgyrynda altyn medala mynasyp bolmak bilen, türkmen sportunyň taryhynda ajaýyp netije gazandy. Täjigistanyň paýtagtynda guralan bu abraýly bäsleşikde Olimpiýa oýunlarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň baýrak eýeleriniň çykyş edendigini hem bellemek gerek. Talyp türgenimiziň olaryň arasynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy guwandyryjydyr.

66 kg agramda çykyş eden Serdar Rahymow bäş tutluşyk geçirip, ählisini öz peýdasyna tamamlady. Netijede ol kadetleriň arasynda Aziýa Kubogy — 2019-nyň kümüş medalçysy B.Ulziibaýarany (Mongoliýa), Panamerikan oýunlary — 2023-niň wise-çempiony Ž.Fraskadorany (Kanada), Bakuwda geçen Uly tuwulga — 2022-niň kümüş medalynyň eýesi M.Halifaýewi (Täjigistan), ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa Kubogy — 2019-nyň ýeňijisi B.Wajiýewi (Özbegistan), soňky ýyllarda geçirilen abraýly ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi O.Jebowy ahmyrda goýdy.

Yhlas ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar