Gujurly gollar

21 Iýun 2024
208

Şol günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň agyr atletika zaly adatdakydan köp adamly boldy. Bu ýere gelenler pauerlifting we armrestling – el göreşi boýunça geçirilen şäher çempionatynyň çekeleşikli bäsleşikleriniň şaýady boldy. Berkarar döwletimizde sport ulgamynyň ösüşine uly üns berilmegi netijesinde bu sport görnüşleri-de köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu çempionat hem onuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, pauerlifting – üç güýjüň bäsleşigi diýmegi aňlatsa, armrestling sözi gol, el göreşi diýmekdir.

Diňe paýtagtymyzyň çäginde «Atletika» sport klubuna degişli zallarda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde, Aşgabat Energetika orta mekdebiniň ýöriteleşdirilen zalynda bu sport görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna-da gatnaşyp, medally orunlary eýeleýärler. Bu ugurda tejribeli türgenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şu ýerde pauerlifting, armrestling ýaly täsin we gyzykly sport görnüşleriniň ençemesiniň meşhurlyga eýe bolmagynda uly iş bitiren halypa tälimçiler, sport ussatlary Ahmet Pirowowyň, Igor Zeýnalowyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar.

Serdar ATAÝEW,
«Energetika» toparynyň tälimçisi.
Beýleki habarlar