Han­lar pe­na­syn­da söz­ler sol­ta­ny

21 Iýun 2024
101

Hanlar hany Abdyrahym han we
ondan goldaw tapan şahsyýetler

Türkmen topragynyň taryhy geçmişi öz gözbaşyny alyslardan alyp gaýdýar. Bu gözbaş taryhda ençeme döwletleriň içinden eriş-argaç bolup, syrygyp suw ýaly akyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu taryhy akymlaryň bir çetinden girip, oňa ylmy nazar aýlasaň, türkmeniň beýik ogullarynyň şahyrana owazlary gulagyňda ýaňlanyp, kalbyňy heýjana getirýär. Türkmeniň şirin owazlarynyň birem hindi topragyndan gelýär. Hindi topragyndan gelýän ýakymly, şahyrana owazlar türkmeniň beýik ogullary Baýram han Türkmeniň we onuň ogly Abdyrahym han Türkmeniň döredijiliginden hem-de olaryň egindeşleriniň galdyran syrly mirasyndan habar berýär. Çünki olaryň golýazmalardyr kitaplaryň ýüzüne ýazylan yzlary gutuda ýatan galamlary öz ugruna goýmaýardy.

Geldimyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri
Beýleki habarlar