«Dürdänedäki» şatlykly günler

21 Iýun 2024
56

Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç almagy, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şolaryň biridir.

Dag etegindäki ajaýyp tebigatly, sapaly howaly ýerde gurlan merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenendir. Çagalaryň şatlykly sesleri uzaklardan eşidilýär. Olaryň bir topary sportuň dürli görnüşleri, birnäçesi oýun oýnamak, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. «Dürdänede» sport meýdançasy, kinozal, mejlisler zaly, amfiteatr, kitaphana, naharhana we suw howuzlary çagalaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki ene-atalara niýetlenilen myhmanhana hem amatly şertler bilen üpjün edildi.

Aşyr BERDIÝEW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar