Duýguly dünýä

21 Iýun 2024
337

DOGLAN GÜNÜM

Doglan güni Mosartyň hem Gulbabaň
görnenmiş bir ýyldyz —
guýrukly, ýagty.
Men doglamda ýok ekeni gül bagda,
güýz ekeni,
meger, guýlandyr ýagmyr.
Oraz aýyndamyş (adymdan belli),
Taňryň gök mizanyn deňlän senesi.
Kakamam gidendir ýanynda, belki,
ejem bilen bile,
geňläp sereden
köp bolandyr,
asyl bäbekhana hem
gidip ýörmez eken aýallar o çak.
Mätişge bolanmyş göbegenem meň,
ýöne kakamdyr-la azan çykan-a.
Diländirler,
içmän bada,
zyýat ýaş,
hökman diländirler bagtyň ulusyn.
Bolmagymy, belki, adamzada baş
belki, döwrümiziň Magtymgulusy
bolmagymy, meger, arzuw edenem
tapylandyr ýüze sylyp Aý ýaly.
«Jomart bo:r» diýenmiş maňa enemem,
mydam açyp ýatarmyşym aýamy.

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».
Beýleki habarlar