Beýtseňem bolýarmy?..

21 Iýun 2024
671

(Bolan waka)

Bu waka dynç alyş möwsüminde çagalarymyzyň özelenip, «Eje, mamamlara gidäýeli!» diýýän haýyşlaryny bitirmek niýeti bilen ejemlere sary ýola düşen günlerimiziň birinde bolup geçdi. Tomus paslynyň ir säheri, arassa howa, belentden-belent kaşaň jaýlar bag-bakjalar bilen sazlaşyp, göwnüňi göterýärdi. Daş-töweregi synlap, tebigaty aýawly, arassa saklamak barada çagalarymyza öwüt-ündew berip barýardyk. Birdenem öňümizden barýan awtoulagyň sürüjisi aýnasyndan içi boş gaply zibili şemalyň ugruna zyňyp goýberdi.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar