Jo­an Rou­lin­giň dö­re­den ja­dy­ly dün­ýä­si

21 Iýun 2024
107

1. Joan Rouling

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä derejesinde okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan türkmen we daşary ýurtly ýazyjylaryň döredijiligini düýpli öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Edebiýaty okamak we ylmy taýdan derňemek tutuş döwrüň döredijilikli pikirlenişini maksadalaýyk ýüze çykarýan wajyp şertleriň biri hasaplanýar. Bagtyýar zamanamyzda Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan tanymal ýazyjylaryň döredijiligini okamak, öwrenmek we özleşdirmek üçin welaýat, etrap we şäher kitaphanalary hereket edýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil we ukyp-başarnykly ýaş nesilleri kemala getirmekde alyp barýan irginsiz aladalary ähli halklaryň taryhynda öçmejek yz goýan dünýä edebiýatynyň ägirt uly döredijilik mirasyny çuňňur we düýpli öwrenmäge çäksiz şertleri döredýär.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby
Beýleki habarlar