Aňyňa ýazylan zat...

21 Iýun 2024
96

Affirmasiýalaryň ähmiýeti 

Sözüň jadyly güýjüne bolan ynam gadym döwürlerden bäri mälim. Ynsanlar sözüň janly zatdygyny, köp gaýtalanýan sözleriň hasyl bolmak ähtimallygynyň has köpdügini öwran-öwran nygtaýarlar. Dürli durmuş wakalarynyň, rowaýatlaryň üsti bilen düşündirmäge we öwretmäge çalyşýarlar. Özümize gerekli zatlary ýa-da ýagdaýlary sözleriň üsti bilen hasyl etmek düşünjesi häzirki zamanda «affirmasiýa» sözi bilen aňladylýar. Affirmasiýalar gysga söz düzümleri bolup, köp gaýtalamak arkaly gerekli bolan keşbi ýa-da görnüşi adamyň aňynda berkitmekdir. Bu usul biziň halkymyz üçin ir döwürlerden bäri akyl ýetirilen, aýratyn uly üns berlen bir düşünjedir. Çünki Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Çagalykda öwredilen düşünjeler, edep kadalary, özüňi alyp barmagyň düzgünleri olaryň aňyna ýazylýar. Aňyňa ýazylan zat bolsa alnyňa ýazylan zada eltýär. Hut şu ynanç hem ata-babalarymyzyň edep-terbiýe mekdepleriniň esasy gönezligi bolup hyzmat edipdir» diýip belleýär. Diýmek, aňymyza ýazylan zat alnymyza ýazylan zada eltýär. Hut şonuň üçinem hemişe oňyn pikirlerde bolmak, ýagşy garaýyşlary ýaran edinmek, ýakymly sözleri gaýtalamak şahsy üstünliklerimizi gazanmagyň hem-de geljegimizi gurmagyň bir açary bolup hyzmat edýär. Bu diňe ýagşy sözler babatda däl, eýsem, ähli manydaky sözleri öz içine alýar. Eger-de ynsan ahy-nala ýa-da agy-zeýrenç gatyşykly sözleri köp gaýtalaberse ýa-da şol mazmundaky aýdymlary, eserleri köp okaberse, onda onuň aňynda hut şeýle görnüşleriň ymykly orun alyp başlaýandygy aýdylýar. Şonuň üçin has gowy durmuşda ýaşamagy maksat edinýän ynsan pikirleriň hem gowusyndan has gowusyny gözlemelidir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky: «Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar. Gözel pikirler gözel düşünjeleri oýarýar. Ajaýyp söhbetleri köp diňledigiňçe, diňe ajaýyplyklar bilen gurşalýarsyň. Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýen çuňňur many-mazmunly, pähim-paýhasly sözleri munuň ýene bir subutnamasydyr. Ýagşy sözi köp gaýtalasak, ýagşy gürrüňleri köpeltsek, durmuşymyzda gowulyklar şonça köp peýda bolup başlaýar. Affirmasiýalar hem-de olaryň ähmiýeti, täsiri hakda dünýä ýüzünde köp sanly ylmy-edebi eserler ýazyldy. Luiza Heý, William Woker Atkinson, Wik Jonson, Jozef Merfi, Tim Gudmen, Napoleon Hill, Jenet Smit Uorfild, Marusýa Swetlowa, Nataliýa Prawdina ýaly ýene birnäçe dünýä belli awtorlaryň ýazan eserlerinde sözüň hem-de pikiriň täsinliklerden doly dünýäsine düşünmäge çagyryş ýaňlanýar. Şeýle kitaplardan belläp alan, saýlap alan ýazgylarymyzyň bir bölegini okyjylar bilen paýlaşmagy makul bilýäris.

Dilber MUDAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy
Beýleki habarlar