Türkmen topragyndan älem giňişligine çenli

21 Iýun 2024
120

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» atly kitabynda: «Her bir adamyň öz ýyldyzlary bar. Kimler üçin ýöne bir yşyk bolsa, aýlanyp ýörenlere olar ýol görkezýär» diýen jümleler bar. Laýyk 60 ýyl mundan ozal — 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Jeýhun ýakasyndaky Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg atly oglanjyk hem çagalygyndan sanýetmez ýyldyzlary gujagynda göterýän älem giňişligine aralaşmagy arzuw etdi. Ýyllaryň geçmegi bilen, şo-ol arzuw ýyldyzlary ony ýöne bir «kosmonawt» diýilýän arzyly käriň eýesi edip çäklenmedi. Bu gün ol älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýäniň rekordsmenine öwrüldi. Şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko kosmosda jemi 878 gün, 12 sagat bolup, umumy görkezijisi babatda dünýä rekordyny goýmagy başarypdy. 5-nji iýunda, Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de bolsa ol älem giňişliginde 1000 günläp bolan ýeke-täk kosmonawt hökmünde adyny taryha ýazdyrdy.

Watan — beýikleri beýgeldýän mukaddeslik. Ol öz sesine sesini goşan, şan-şöhratyny beýgelden adamyň hemişe gadyryny bilýär, arzylaýar. Duz nesibäň çekip, ykbal seni nireden çykarsa-da, edil mährem eneň deýin, Watan hem elmydama saňa gujagyny açýar. «Meniň üçin eziz ýurdum — Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhümdir. Ýurtda gazanylýan üstünlikler meni guwandyrýar. Men Türkmenistanda doglandygyma, şu ýurt bilen baglanyşygymyň bardygyna örän buýsanýaryn» diýýän watandaşymyz Oleg Kononenkonyň ykbaly-da biziň Watanymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Uçarman-kosmonawtyň älem giňişligine tarap ýoly türkmen topragyndan, ýagny Türkmenabat şäherinden başlandy. Ol bu ýerde önüp-ösdi, zähmet we sport bilen meşgullandy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda talyp bolmagy arzuwlap, Harkow şäherine ýola düşen türkmenistanly ýigit durmuşynyň ondan soňky ädimlerini kosmonawtika bagyşlady. 1988-nji ýylda Harkowyň şol wagtky N.Ý.Žukowskiý adyndaky awiasiýa institutyny tamamlan Kononenko 1996-njy ýylda Russiýanyň kosmonawtlar toparyna kabul edilýär. Häzirki wagtda bolsa Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt bolup zähmet çekýär. Biz hem ildeşimiziň älem giňişligini özleşdirmek ýaly örän möhüm işde gazanýan guwandyryjy üstünliklerini uly gyzyklanma bilen synlap, oňa tüýs ýürekden buýsanýarys.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar