Türkmenistandan salam!

20 Iýun 2024
136

Ýakynda Ýaponiýa döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilende, bize-de bu ýurduň täsinliklerini ýakyndan synlamak miýesser etdi. Bu medeni dabaralara köpsanly medeniýet we sungat işgärleri bilen birlikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Bu bolsa syýasy-medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaşlar Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dabaraly duşuşyklarda we maslahatlarda çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklary babatdaky tagallalaryna aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hoşmeýilliligini taryh tassyklaýar. Aýratyn-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda dost-doganlyk gatnaşyklarymyz has-da jebisleşdi. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna şu ýylyň 22-nji aprelinde 32 ýyl doldy. Şu geçen ýyllarda köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Mary şäherinde ammiak we karbamid önümçiligi zawody, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça toplum, Garabogazyň karbamid zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady, maliýe-inwestisiýa hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklar has-da berkidilýär.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar