Halka gowşan hazyna

20 Iýun 2024
159

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere baryp göreniňde, Diýarymyzdaky muzeýlerde saklanýan gymmatlyklary synlanyňda, gadymy topragymyzyň baý taryhynyň bardygyna buýsanjyň artýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 14-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde baý taryhymyzyň «dil açyşy» bilen baglanyşykly ýene bir hoş habaryň şaýady bolduk. Ol hoş habaryň hut biziň etrabymyz bilen baglanyşyklydygy has-da ýakymly waka boldy. Ýagny, şol mejlisde hormatly Prezidentimize Saparmyrat Türkmenbaşy etrabymyzyň Döwkesen geňeşliginden tapylan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňäniň, 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň, ondan başga-da dürli tapyndylaryň 8-siniň tapylandygy habar berildi.

Suraý GURDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar