Pyragy we türkmen metbugaty

20 Iýun 2024
153

Okyjylaryň soraglaryna jogap gözläp, kitaphanamyzda Magtymguly Pyraga degişli maglumatlary seljerip otyrkam, şahyra degişli ýazgylara gabat geldim.

Meşhur şahyr baradaky bu gymmatly maglumat 1914-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen we pars dillerinde çykyp başlan «Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta» diýen gazetde çap edilipdir. Bu gazet 1917-nji ýylyň maý aýyna çenli neşir edilýär. Gazet türkmen edebiýatyna, taryhyna, etnografiýasyna we türkmen halk döredijiligine degişli makalalary çap etmekligi göz öňünde tutup, şeýle sözler bilen halka ýüzlenipdir: «Türkmenlerde edebi miras bilen bagly köp ýagşy meseleler bar. Ol meseleler ýyldan-ýyla ýitip barýar. Türkmen halky, biz sizden köp towakga edýäris, siz bize mesele ýazyp iberseňiz, ol meseleleri biz basmahanada basdyrsak, ýüz ýyldan soň hem aramyzdan ýitjek däl. Hemişe okamak boljak. Köne adamlardan alnyp galynmasa, olar aradan ýitjek».

Oguljemal ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar