Şan-şöhratly Diýar

20 Iýun 2024
118

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan döwlet hökmünde sebitde möhüm ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Bu zatlaryň ählisi dünýä derejesinde döwletimiziň abraý-mertebesiniň arşa galyp, halkara abraýynyň artdyrýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem ýurdumyz bu gün abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşykda bolup, Ýer ýüzünde möhüm, global meseleleriň çözülmegine öz sesini goşup gelýär.

Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa arassaçylygy, sebit we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişinde howpsuzlygyny gazanmak we ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça birnäçe başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Ýurdumyz ençeme abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem, bütin dünýäde sazlaşykly ykdysady ösüşiň rowaçlanmagyna hem-de parahatçylygyň pugtalanmagyna hem öz saldamly goşandyny goşýar.

Rejep ESENOW,
Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.
Beýleki habarlar