Döretmek we gurmak ýoly bilen

20 Iýun 2024
102

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. Pudaga ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar we durky täzelenilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy. Şol desgalaryň aglabasynyň gurluşyklarynyň öz ýerli çig mal serişdelerimiziň hasabyna, türkmen gurluşykçylarynyň zähmeti bilen amala aşyrylýandygy örän guwandyryjydyr.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän binalarda milli binagärlik däpleri şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary, iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalanmajak keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depgini, baý taryhy, halkymyzyň medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Baş şäherimiziň binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze binalardyr desgalar bilen ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan kemala gelen, öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolan Arkadag şäheri bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Köpetdagyň eteginde sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň gurulmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar