DOKMADA DÖREDIP AJAP DESSANY...

20 Iýun 2024
103

ýa-da ýürek mähri siňen sungat barada

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň taryhy, medeni, ylmy gymmatlyklarynyň, onuň ussat senetkärleriniň sungat ýolunyň şöhratyny dünýä ýaýýar. Änewiň buýsanjy hem ajaýyp nyşany hasaplanýan Seýit Jemaleddin metjidiniň gözelligini özüne siňdiren aždarha keşpli, güberçekli türkmen halysyny synlap, milli sungatymyzyň beýikliginiň öňünde baş egýärsiň. 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagtyna gelýän jahankeşdeler paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýerleşýän bu halynyň keşbinde gözbaşyny gadymy Änew medeniýetinden alyp gaýdýan diwar bezegleriniň kämil nusgalaryny synlap, milletimiziň baý ruhy dünýäsiniň gözelliginden lezzet alýarlar.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar