Sebitiň döwrebap şäheri

19 Iýun 2024
404

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde bina edilen, dünýäniň üns merkezini özünde jemlän gözellik şäheri bolup, ol döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan kämil eseridir. Ol eserde türkmen halkynyň ýagty ykbaly, beýik geljegi altyn sahaplarda ýerleşip, onda gözelligiň hem ýagtylygyň nury dünýä ýalkym bolup saçylýar.

Gysga wagtyň içinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, ähli şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edilen, ajaýyp hem owadan binalary gözüňi dokundyrýan Arkadag şäheri bagşy-sazandalaryň dilinde aýdym-mukama öwrüldi. Eline galam alan ýazyjy-şahyrlar Arkadag şäheriniň gözelliklerini, özlerinde galdyran täsirlerini şirin owazlara, setirlere salyp, dünýä ýaýýarlar.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar