Binagärlik — belentlik

19 Iýun 2024
89

Köpetdagyň gadymy topraklarynda peýda bolan ak mermerli ajaýyplyk ýurdumyzyň binagärlik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bina bolan bu döwrebap şäher milli binagärlik sungatynyň kämil nusgasydyr.

Gysga döwrüň içinde gurlan, taryhda müdimilik orun aljak bu şäheriň binagärlik gurluşy, desgalaryň daşky keşbi taýsyz gözelligi bilen gözüňi dokundyrýar. Binagärlik işi döwrebap tehnikany, ylmy we sungaty özünde jemlemek bilen, ol adamlar üçin peýdaly, berk we gözel bolmaly. «Şäher gözelligi» düşünjesi diňe bir gözel keşpli binalar bolman, eýsem, ol şäheriň meýilnama gurluşyny, desgalaryň talabalaýyk ýerleşdirilip taslamalaşdyrylyşyny, landşaft binagärligiň ýerlikli ulanylyp, daşky gurşawyň adamlaryň we tebigatyň peýdasyna laýyklykda gurulmagyny talap edýär. Bu şertleriň ählisini bolsa Arkadag şäherinde görmek mümkin. Özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň taslama we binagärlik gurluşy daşky keşbi boýunça aýratyn görnüşe eýe. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýşi ýaly, şäher taslamasynyň esasy merkezinde medeni desgalar ýerleşdirilipdir. Bu türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň medeniýet bilen baglanyşygyny görkezýär.

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar