Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösüşlere besleýän sungat baýramy

19 Iýun 2024
60

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlaryň gülläp ösmegini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, başlaryny göge ýetirýär. Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirip, dünýä ýaýmakda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň edýän taýsyz tagallalary nusgalykdyr.

Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň medeniýetimize, sungatymyza bolan hormat-sarpasyny äleme ýaýyp, buýsanjyny artdyrýar. Ýeri gelende, Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilip, ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň bedew bady bilen ösýändigini, milli mirasymyzy aýawly saklamak we Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny görkezendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar