Sarpasy belent zenanlar

19 Iýun 2024
296

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Mährem enelerimizdir gelin-gyzlarymyz baradaky alada esasy orunda durýar. Özleri hakda edilýän aladalara bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmeti bilen jogap berýärler.

Maşgala binýadynyň berk bolmagynda, ýaş nesliň Watanymyzyň wepaly perzentleri bolup kemala gelmeginde zenanlaryň, eneleriň üstüne uly borç düşýär. Şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde hem zenanlaryň saldamly goşandy bardyr. Olar beýik işleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda abraýly zähmet çekýärler. Ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde alnyp barylýan işlere goşantlaryny goşýarlar.

Mahym Şamyradowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar