Gurban baýramynyň şatlyk-şowhuny

19 Iýun 2024
76

Binýady ynsanperwerlikden, hoşniýetlilikden, haýyr-sahawatlylykdan tutulan mukaddes Gurban baýramynyň çuň mazmunly dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus şatlyk-şowhun bilen üç günläp dowam eden baýramçylyk agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, mizemez durmuş ýörelgelerini, ýokary ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrdy.

Gurban baýramynyň esasy çäreleri Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň möhüm bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň döwresinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Toý ýörişi mukaddes baýramyň dabaralarynyň özboluşly badalgasy bolup, oňa hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar hem-de dürli ýaşdaky raýatlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor toparlarynyň täsirli çykyşlary, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».
Beýleki habarlar