Edepli ile ýarar

19 Iýun 2024
77

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýasatda, ykdysadyýetde, bilimde, sungatda... belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Şunda olaryň bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek.

Taryha ser salanymyzda hem, halkymyzyň öz perzentlerine edep-terbiýe bermegi esasy orunda goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çaganyň edepli, akylly bolmagy üçin, ilkinji nobatda, onuň ene-atasynyň görüm-görelde görkezmegi zerurdyr. Ösüp barýan çaganyň gözýetiminiň giňelmegi üçin ene-atanyň, çagalar baglaryndaky terbiýeçileriň we mekdepdäki mugallymlaryň deň derejedäki göreldesi zerurdyr.

Maýagül Amanjanowa,
«Balkanabatşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň barlaýjysy.
Beýleki habarlar