Bagtly çagalygyň mekany

19 Iýun 2024
71

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi hem-de terbiýelenmegi, bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edilýär, giň mümkinçilikler döredilýär.

Çagalaryň akyl we ruhy taýdan kemala gelmeginde aýdym-sazyň güýji örän uludyr. Şol sebäpden hem mugallymlar mekdepde aýdym-saz terbiýesini bermekde hepdede geçilýän sapak bilen çäklenmän, eýsem, sapakdan daşary döredilen saz gurnaklaryndan hem netijeli peýdalanmalydyr. Sapakdan daşary çärelere gatnaşmak okuwçylaryň göwnüniň saýlan işleri bilen meşgullanmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, mugallym okuwçylarda döredijilik işjeňligini terbiýeläp bilýär.

Nurgözel Gurbanalyýewa,
Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar