«Dürdänede» sapaly günler

19 Iýun 2024
83

Tomus — 2024

Baky berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesilleriň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gojaman dagyň eteginde täsin tebigaty, arassa howasy, çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen amatlyklary bolan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem çagalar mähir bilen garşy alynýar. Merkezde çagalaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin giň mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigine bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.

Aýzada Muhammedowa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar