Beýik ösüşleriň binýady

16 Iýun 2024
1131

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ösüşler ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşdyrylýar. Şunda nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ugurlara möhüm ähmiýet berilýär. Ylmy tehnologiýalar, täze açyşlar bilen ösýän ýurduň geljegine, nurana ertirlerine ynamy hem örän berkdir. Diýarymyzyň hut şeýle ýurda öwrülmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, berkarar Watanymyzy ösüşlere besleýän hormatly

Prezidentimiziň: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýen parasatly jümleleri munuň şeýledigini subut edýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar