Uzyn burunly oglanjyk

15 Iýun 2024
207

Ýalan sözlände, burny öz-özünden ulalýan oglanjyk barada eşidip gördüňizmi?! Aslynda, onuň burny ozalyndan şeýle ýasalan. Ýalan sözlände welin, burny has-da ulalyberýär.

«Beýle uzyn burunly oglanjyk kimkä?!» diýmäň. Ony dünýäniň ähli çagalary gowy tanaýar. Ol ilkibada agaçdan ýasalsa-da, oňa jan girensoň, edil özümiz ýaly oglanjyga öwrülip, kakasynyň kömegi bilen mekdebe-de gatnap başlaýar. Eline ullakan «Harplyk» kitabyny alyp, okamaga, ýazmaga hem synanyşýar. Ýöne entek kiçijek bolansoň, onuňam beýleki çagalar ýaly oýnasy, bökjekläsi gelýär. Ine, şol ýerdenem uzyn burunly oglanjygyň täsin başdangeçirmeleri başlanýar.

Eýmir ILMYRADOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar