Intellektual şahyr, görnükli dramaturg

14 Iýun 2024
189

Kerim Gurbannepesow birmahal, «Sowet edebiýatynyň» (häzirki «Garagum») baş redaktory wagtynda «Her ýylyň maýy — poeziýa aýy» diýen şygar bilen žurnalyň tutuş bir sanyny poeziýa bagyşlamagy kada öwürdi. Maý — gül-gunçaly aý. Nurana aý. Tebigatyň gözelleşýän, dünýäniň tämizlenýän, köňülleriň heserlenýän aýy. Baharyň şanyna ýene näçe aýtsaň aýdybermeli. Meger, şahyr bu ajaýyp aýda Onuň Alyhezretleri Poeziýa ýakynlyk, meňzeşlik görendir. Şygryýetem janlanyş üçin, tämizleniş üçin, ösüş üçin, ynsanyýet kalbynyň gözelleşmegi üçin. Şol mahallar her ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň günleri geçirilerdi.

Türkmen tebigatynyň nurana günleriniň birinde, anyk aýtsak, 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda soňra görnükli şahyrlaryň biri bolup ýetişen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Hormatly il ýaşulusy derejelerine, beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp görlen şahyr hem dramaturg Annaberdi Agabaýew eneden bolupdyr. Ondan bäri wagt geçip, soňra ol ençeme ýyllap öz doglan gününi Magtymgulynyň şygryýet toýy bilen sazlaşykly toýlady.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar