Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

12 Iýun 2024
84

11-nji iýunda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman öz maşgalalary bilen ýadygärlik surata düşdüler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar