Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

11 Iýun 2024
85

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, ilki bilen, Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanmaga berlendigi hem-de etrabyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar