«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

11 Iýun 2024
101

Hormatly halkara maslahata gatnaşýan alymlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara guramalaryň, dünýä meşhur ylmy merkezleriň, öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň wekillerini, görnükli alymlary we inženerleri özünde jemleýän bu forumyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe, şeýle hem 10 ýyl mundan ozal bina edilen we bu gün halkara ylmy-tehnologiýa parky diýen hukuk derejesini alan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyrylan şanly senesine gabatlanyp geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Myhmansöýer ýurdumyzyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günleriniň dürli öwüşginli dabaralarynyň siziň kalbyňyzda ýatdan çykmajak duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Beýleki habarlar