Ýurdumyzda ekologiýa we durnukly ösüş babatda uly işler alnyp barylýar

10 Iýun 2024
165

5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC — 2024) milli nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de daşky gurşawy we «ýaşyl» geljegi goramagy ugur edinýän halkara guramalaryň, akademiki bileleşikleriň, maliýe institutlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan, iki gün dowam eden forumyň işine dünýäniň 33 ýurdundan wekilleriň 270-siniň gatnaşmagy daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen daşky gurşawy goramak meseleleri babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar