Milli ykdysadyýet: durnukly ösüş — bagtyýar geljek

10 Iýun 2024
70

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, öňde durýan möhüm wezipelere üns çekildi we milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly tabşyryklar berildi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şeýlelikde, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, bäş aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriň dabaralanýandygyny ýene-de bir ýola aýdyňlygy bilen tassyklady.

KANUNLAR DÖWRÜŇ TALABYNA LAÝYKLYKDA KÄMILLEŞDIRILÝÄR

«Nesil».
Beýleki habarlar