Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

10 Iýun 2024
76

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar