Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

10 Iýun 2024
81

Arkadag şäheri, 8-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar