Gurluşyk-binagärlik pudagynyň ylmy binýady berkidilýär

9 Iýun 2024
907

Häzirki döwürde ylym her bir ýurduň dünýädäki ornuny pugtalandyrmagynyň, ähli babatda ösmeginiň möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlara, ylmy çemeleşmelere esaslanýan öňdengörüjilikli syýasaty, wajyp ykdysady meselelere hem-de olaryň çözgüdine giňişleýin garaýyşlary Türkmenistanyň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň ähli babatda dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Eziz Diýarymyzda ylma we tehnologiýalara şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly

Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar