Ylym — röwşen geljegiň şuglasy

9 Iýun 2024
995

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde innowasion ykdysadyýete möhüm orun berilýär. Şonuň üçin hem ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda uly işler durmuşa geçirilip, ylmy işgärlere giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ýokary depginler bilen ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy kämilleşdirmek, ösdürmek we goldamak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ylym – röwşen geljegiň çyragy, ösüşleriň binýadydyr. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede, düýpli ylmy esasynyň bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýady döredildi. Ylmy we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça hem zerur işler ýola goýuldy. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak bilen bagly meseleleri çözmek häzirki günüň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Jeren GURBANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar