Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary: Watanymyzyň energetika kuwwatyny artdyrýar

6 Iýun 2024
112

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklylykda  elektroenergetika pudagy hem ösüşlerini belentden-belent sepgitlere ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gazanylýan şeýle üstünlikler Arkadagly eýýamymyzda dünýä bazarynda sarp edijilere elektrik energiýasyny eksport etmekde toplan  baý tejribämizi dabaralandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 5-nji iýunda açylyp ulanmaga berlen Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy hem munuň nobatdaky beýany boldy.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».
Beýleki habarlar