Bagtdan serpaýly menziller

6 Iýun 2024
141

Mähriban Watanymyzyň gözel keşbinden ganma ýok. Arassa asmana ýaraşyk berip, asuda pasyrdaýan ýaşyl baýdagyň roýy ynsan balasyny ýeneki ösüşlere ruhlandyrýar. Köpetdagyň eteginde ynsan eli bilen kemala gelen ýaşyl zolaklary synlaýarkaň, peder pentleri hakydaňda janlanýar-da: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär...» diýip pyşyrdanyňam duýman galýarsyň. «Bäş gat, dokuz gat, on iki gat» diýip tarypy ýetirilýän ýaşaýyş jaýlaryndan aňsat-aňsat ünsüňi sowup, nazaryňy aýrasyň gelmeýär. Şol ýakymly pursatlarda eziz Diýarymyza ýaraşyk berýän awtomobil ýollaram hyýalyňa dolýar. Gurluşygyň näçeler çig mal goruny talap edýändigi baradaky pikirleriň seni ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ulanmaga berlen Bäherden sement zawodyna sary alyp gidýär.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar