Ak pata (rowaýat-hekaýa)

6 Iýun 2024
164

Ine, Soňudagynyň gözel jülgesi. Onuň owadanlygyna bir serediň-ä! Jülgäniň biri-birine bakyp, biri beýlekisine daýanç bolup duran belent daglary türkmeniň iki sany gerçek ogullaryny ýadyňa salýar. Olar hemişe bir-birine mähir bilen garap otyrlar. Olar baharyň gujagynda maýsalap oturan elwan gülleri biri beýlekisine gezekleşip gowşuryp duran mysaly. Olary bir-birinden daşlaşdyrjak, hoşlaşdyrjak güýç bolmaz. Şu jülgäniň göwsünden ýylçyr-ýylçyr daşlary mähir bilen ýuwup, uly joşgun bilen aýdym aýdýan çeşmä näme diýersiň! Jülgäniň gözelligine görk goşýan bu bulagyň durnanyň gözi ýaly tämiz suwuna diňe söýgi bilen buýsanyp seredip oturmaly. Onuň jana şypaly sowuk suwundan gana-gana içen adam, şahyr bolmasa-da, ylhamy joşuberýär. Onsoň ol ýa goşgy goşar ýa-da dereleri ýaňlandyryp aýdyma zowladýar.

Ine, daglaryň, jülgeleriň gözelliklerini her gün näçe gezek synlasa-da, onuň hoştap howasyndan sora-sora janyna şypa alsa-da, hiç ganmaýan ýaş Magtymguly bu ýerlerde mal bakardy. Ol her säherde bu ýere gelip, diňe bir mallaryny sonarlatmakdan ötri, tereň-tämiz howadan sora-sora teşne köňlüne aram tapmaga howlugardy. Bu gözel mekan ony şeýle bir joşdurýardy welin, ýaş şahyr ýeldirgän ýaly bolup uzakly gün owazly sesi bilen dereleri ýaňlandyryp, öz düzýän goşgularyny aýdym edip aýdardy. Bu ýerlere bolan buýsanjy gursagyna sygman, aram-aram: «Ehe-heý, başy dumanly belent daglar, sowuk suwly, ter çemenli çeşme çaýlar, sizem diňläň aýdymlarymy, namalarymy» diýip, uly hyjuw bilen gygyrardy.

Allaberdi PAŞŞYKOW
Beýleki habarlar