Akyldaryň dünýä inmegi (hekaýa)

6 Iýun 2024
135

Men öz ýazgylarymdaky: «Beýik adamlaryň edebi hem-de taryhy portreti döredilende eserde şahsyýetiň belent ruhy bilen bir hatarda onuň ahlak we adamçylyk sypatlary hem açylyp görkezilmelidir» diýen jümleleri okap, öz ýanymdan oýa batdym hem-de şeýle ýazgylary ýazmaga başladym. Elbetde, bu ýazgylar beýik Magtymguly Pyragy barada ahwalat.

...Dogrusy, gözleriniň görýän zatlaryna Döwletmämmet mollanyň özüniň hem ynanasy gelmedi. Asyl ynanar ýaly hem däldi. Ynha, ol uly bolmadyk bir adanyň kenarynda durdy. Onuň gözüniň alnynda bolsa aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaýylyp ýatyrdy. Ýöne umman diýilse-de, bular ýaly düýbi görnüp duran göm-gök hem-de durnanyň gözi ýaly dus-dury suwy ol Zeminiň hiç bir künjünde ne-hä görüpdi, ne-de ol hakynda eşidipdi. Ummanyň goýnunda ýaşaýan köpsanly suw jandarlarydyr ösümlik dünýäsiniň gözelligi hem diýseň täsindi. Depesi ümmülmez asman. Zemin bolsa ýaýylyp ýatan umman bilen gurşalan. Asyl bütin dünýä suw bilen örtülen oguşýa. Onuň kellesine ilki gelen pikir şu boldy. Döwletmämmet daş-töweregini gözügidijilik bile synlady. Beýle owadan görnüşleri synlap, ondan doýup bilmedi. Şolbarmana onuň gözleri hol alysdan suw bilen özüne tarap nämedir bir zadyň akyp gelýänligini saýgardy. Özem şol akyp gelýän näbelli zadyň ýalkymy asmandaky Günüň çogy bilen tapyşyp, Zeminiň ýüzünde ajaýyp sazlaşygy emele getirýärdi. Şahyryň bilesigelijiligi artdy. Ol suw bilen akyp gelýän näbelli, biçak täsin zadyň özüne ýakyn gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ýakynlaşdygyça onuň düýe ýüňünden nepis dokalan, gözüň ýagyny iýip barýar diýilýän gyzyl çog ýaly saçakdygyny saýgardy. Ol has golaý geldi. Elhepus! Beýle-de gözellik boljak ekeni! Saçak ýöne bir adam eli bilen dokalman, eýsem, ol hut hakyň gudraty bilen döredilen mukaddeslige meňzeýärdi. Geň ýeri, suw bilen akyp gelse-de, onuň asyl öl bolan ýeri-de ýokdy. Ähli ýeri gus-gurudy. Özem, näme üçindir, saçak edil myhmana hödür-kerem edilişi ýaly, üç burçy gowy edip eplenip, bir burçy bolsa açyk galdyrylypdyr. Onuň şol açyk böleginden çykýan Günüň çogy deýin ýagtylyk bolsa seredeniňde gözüňi gamaşdyryp, daş-töwerege özüniň ýakymly şuglasyny saçýardy. Saçagyň bu syrly hikmeti şahyry biçak geň galdyrdy. Saçak Döwletmämmediň duran kenaryna gelip sägindi. Saçagyň şol açyk böleginden seredeniňde onuň içinde birnäçe çöregiň barlygy mese-mälim görnüp durdy. Ýöne munuň täsin ýeri, aşakdaky çörekler adaty Döwletmämmediň gündelik görýän, iýýän çöregidi. Ýöne saçagyň iň üstünde duran çörek welin, näme üçindir, gözüň ýagyny iýip barýan derejede akdy. Asyl saçakdan çykýandyr öýden näbelli ýagtylygy hem şol çöregiň nury bolsa nätjek! Döwletmämmet molla emaý bilen saçaga elini uzadyp, onuň üstündäki çöregi eline aldy. Saçak ýene-de suwuň ugry bilen akyp gitdi. Çöregi eline alyp haýran galyp, ony synlap durşuna, gulagyna bir ýerlerden jägildäp, ýaňy dünýä inen çaganyň sesi eşidilen ýaly boldy. Şahyr daş-töweregine gözüni aýlap geňirgenip, birsellem diňşirgenip durdy. Ýöne sesiň nireden, haýsy tarapdan gelenini birbada anyklap bilmedi. Şol barmana onuň elindäki çörege gözi düşdi. Çörekdäki nur, eline alanyndaky ýagtylyk nirädir bir ýerlere sumat bolupdyr.

Merdan SÄHEDOW
Beýleki habarlar