Halypalaryň hümmeti (hekaýa)

6 Iýun 2024
110

Sähra gülleriniň hoştap ysyny alyp gelýän baharyň mylaýym şemaly Nowruz baýramçylygyna ýygnanan adamlaryň ruhuny göterip, olaryň köňül köşgüni ýagtylandyrýardy. Ýaşyl begres geýen sährada gurlan ak öýler göýä diýersiň, baharyň gelin kömelekleri ýaly bolşup, Zeminiň zynatyna özboluşly bir bezeg berýärdi. Şol öýleriň ileri tarapynda ýaýlyk ýaýýan eneleriň güpüleriniň gübürdisi, çybygyny at edip, iki-bakan ylgaşýan çagalaryň şadyýan sesleri, gül-gülzarly maýsalaryň arasynda owlak-guzularyň bökjekläp oýun guramasy, ak öýleriň arasynda ýazylan düşeklerde ýerleşen bagşylaryň aýdyma gygyrandaky owazy, bularyň ählisi doganlyk halkyň tutumly baýramyň täsin bir öwüşginidi, dabarasydy. Toýa gelen türkmen, özbek, gazak halklarynyň wekilleri dostlarynyň ýürek joşgunyny deň paýlaşýardylar. Bu baýramçylyga ýedi ýaşdan, ýetmiş ýaşa çenli adamlar gatnaşyp, özleriniň göwün küýsegini kanagatlandyrýardylar. Gün naýza boýy ýokary galanda aýdym-saza başlan bagşylar ilki tirmeden aýdyp ugradylar. Olar Nowaýydan, Meşrepden, gazak halk aýdymlaryny aýdandan soňra, Magtymguludan, Kemineden, Günhojadan, Ajynyýazdan, Berdakdan namalar gaýtaryp, diňleýjileriniň göwün küýsegini awlaýardylar. Ak öýleriň täriminiň örtügini galdyran gelin-gyzlar hem-de ene-mamalar, bagşylaryň töweregini gurşap alan gojalar olaryň berekellasyny ýetirip, öňküsinden has hem joşdurýardylar. Gün agyp, wagt bir çene baranda dabaranyň kethudasy Töreş aga ardynjyrap, oturanlary özüne çekdi:

— Adamlar, «Gulagyň garny ýok» diýipdirler, bagşylary näçe diňleseň hem, gulagyňy gandyryp bolanok. Indi nobaty halypa bagşylarymyz Günhoja bilen, onuň şägirdi Ajynyýaza beräýsek nähili görýäňiz? — diýip, köpçülige sala salanda, diňleýjilerden goldaýjy sesler eşidildi.Ýagdaýa doly göz ýetiren Ajynyýaz oturan ýerinden gobsunjyrap, birhili müýnli ýaly bolup:

Rejepbaý ŞIRIÝEW
Beýleki habarlar