Gündogaryň akyldary

6 Iýun 2024
209

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda medeni duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Bu seýilgähde Pyragynyň heýkeli bilen birlikde dünýä edebiýatynda yz goýan şahyrlaryň, ýazyjylaryň heýkelleriniň oturdylmagy dost-doganlygyň nyşanydyr.

Baýramçylyk mynasybetli akyldar şahyrymyz hakynda ençeme goşgular, hekaýalar, kitaplar çap edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitap çapdan çykdy. Bu kitabyň türkmen, rus, iňlis dillerinde bolmagy aýratyn bir ähmiýete eýedir. Kitabyň üç dilde çap edilmegi akyldar şahyrymyzyň eserleriniň daşary ýurtlarda hem höwes bilen okalýandygyny görkezýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň hem şahyra bagyşlanan «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwany halk köpçüligine gowuşdy.

Gurbanberdi HOJAMBERDIÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar