Ekologiýa diplomatiýasy

6 Iýun 2024
279

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol umumy mejlisden we üç bölümden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler jaýynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisine S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti gatnaşdy.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar