Ebedilige siňen kespler

6 Iýun 2024
93

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlikleriň döreýiş taryhyny öwrenmek, olaryň çeperçilik gymmatyny kesgitlemek örän ähmiýetlidir.

1950-nji ýyllarda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretmek boýunça ilkinji synanyşyk Aleksandr Abramowa degişlidir. Şahyryň heýkel býusty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň merkezi seýilgähini (häzirki «Aşgabat» seýilgähini) bezäpdir. Ol türkmen halysy we golýazmanyň şekili bilen bezelen dörtburçly esasda oturdylypdyr.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar