Sanlara siňen paýhas

6 Iýun 2024
91

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap, her bir adam öz durmuşynda ýüze çykýan, gyzyklanýan soraglaryna jogap tapyp bilýär. Çünki akyldar şahyryň goşgularynda durmuşyň dürli ugurlaryna degişli paýhasly pikirler ýöredilýär. Şahyryň döredijiliginde sanlar hem ençeme ýerde agzalyp geçilýär. Şahyr aýtjak bolýan pikirini belli-belli sanlaryň üsti bilen has çeper beýan edýär.

Akyldar şahyr 1 sany jebisligiň, agzybirligiň simwoly hökmünde, agzybir bolup, bir ýere bil baglamak ýaly, «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar» diýip belläp geçýär. Bir suprada, bir saçakda agzybirlikde ýaşamak — agzybirligiň gözbaşy, ol ilki bilen öýden başlanýar, onsoň köpçülikde, soň milletde, şol sanda Watan derejesinde ýüze çykýar diýmek bilen, 1-lik san arkaly agzybirligi nygtap geçýär:

Annagözel НALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar