Öçmejek yzlar

6 Iýun 2024
129

Häzirki döwürde taryhymyzda öçmejek yzlary goýan şöhratly şahsyýetlerimiz goşgulary sarpalanyp, mertebesi belent tutulýar. Şol şahsyýetleriň biri hem türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip bellemek bilen, türkmeniň akyldar ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigini aýan edýär.

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasynda metbugatda görnüp başlaýar. Onuň eserleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Görnükli polýak alymy we syýahatçysy A. Hodzko 1842‑nji ýylda şahyryň terjimehaly baradaky makala bilen birnäçe goşgusyny çap etdirýär. Alymlar A. Wamberi, W. W. Bartold, Ýe.  Bertels, A. N. Samoýlowiç we başgalar şahyryň döredijiligine uly baha berip öwrenýärler.

Şemşat KÖSÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar