Şygyr dünýäsiniň ussady

6 Iýun 2024
113

Dünýä edebiýatynyň genji- hazynasyna özünüň ajaýyp goşgulary bilen giren Magtymguly Pyragynyň keşbi onuň her bir eserinde ör-boýuna galýar. Dogry, onuň ýaşan zamanasy galagoply döwür bolupdyr. Şahyr hyýanatçylygyň, ejize ganymlygyň garşysyna mäkäm durup göreşmeli bolupdyr. Ýöne welin ol göreşler hem şahyr ýeke bolansoň netijesiz tamamlanypdyr. Iliň şatlygyna şatlanyp, agysyna aglaýan şahyryň öz maşgala durmuşynda-da şowsuzlyklar az bolmandyr. Ejesi Orazgülüň aradan çykmagy maşgala üçin agyr urgy bolupdyr. 1958-nji ýylda Baba Nejebalyýewden ýazylyp alnan «Weýrana geldi» atly goşgusynda akyldar şahyryň ýakyn garyndaşlarynyň aradan çykandygy aýdylýar.

Şeýdip iliň içinden Magtymgulynyň goşgularyny toplamak işi 1958-nji ýylda Lebap welaýatynyň obalarynda hem dowam edipdir. Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň ýaşaýjysy, bagşy Bereket Allaberdi oglundan hem alymlar şahyra degişli goşgularynyň ondan gowragyny ýazyp alypdyrlar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly ilkinji sowadyny kakasy Döwletmämmet Azadydan alansoň onuň maslahat bermegi bilen soňra Lebaba — Idris babanyň medresesine okuwa gidýär. Bu ýerde okap ýören wagty ol birnäçe ýerli talyplar bilen dostlaşyp, obalarynda bolýan toýlara we döwrelere gatnaşýar. Şahyr:

Hudaýberen ABRAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar