Halkyň aňynda ýaşaýan şahyr

6 Iýun 2024
83

Halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda ýazyjy-şahyrlaryň döredýän eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy bellidir. Mämmetweli Kemine hem ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbynda orun almagy başaran şahyrlaryň biri hasaplanýar. Onuň döreden şygyrlary wagtyň synagyndan geçip, häzirki günler hem uly höwes bilen okalýar.

Bu nusgawy şahyrymyz 1770-nji ýylda doglupdyr. Mämmetweli çagalygyndan şygyr ýazmaga başlapdyr. Halkyň içinde bolup, il-günüň durmuşyna, ýaşaýşyna belet bolansoň onuň durmuşy goşgulary halkyň göwnünden turupdyr.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar