Akyldar şahyryň keşbi

5 Iýun 2024
120

Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi ýaş suratkeşlerimiz üçin egsilmez ylham çeşmesidir. Onuň döredijiligi bilen baglanyşykly döredilen täze taslamalar nakgaşlaryň aňynyň milli düşünjeler bilen baýlaşmagyna, köpräk hyýaly pikirlenmeklerine, sungat ýolunyň ilkinji ädimlerinde özlerine bolan ynamlaryny güýçlendirmäge ýardam edýär.

Elbetde, geçen asyryň ortalarynda (1947-nji ýylda) Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek boýunça geçirilen bäsleşikde Aýhan Hajyýewiň eseri ýeňiji bolupdy we bu portret kanoniki bolup galdy.

Baba GULDURDYÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar